Gawaýlarda ýaşaýan 34 ýaşly Keýli Grantyň, ummanyň üstündäki gezelençler boýunça kiçiräk biznesi bar. Öz müş derileri üçin suwüsti we suwasty gezelençleri gurnamak bilen, olara iň gyzykly deňiz ýaşaýjylarynyň görkezmäge synanyşýar.

Iň soňky gezelenç wagtynda Keýliniň işi hakykatdanam şowuna boldy.  Onuň Kaýlua-Kona kenaryndan uzak bolmadyk gaýygyna kit akulasy ýüzüp geldi.

Bu haýwanlar häzirki döwürde bar bolan iň uly akula görnüşi we iň uly hazirki döwür balygydyr.  Olaryň iň soňky ululygy azyndan 13 metre ýetýär, ýöne 18 we hatda 20 metrlik kit akulalaryny görenler hem bar.  Bu äpet balyklar planktonlar bilen iýmitlenýär we adamlara  hiç hili howp salmaýarlar.  Olar ýuwaş-ýuwaşdan ýüzýärler we draýwerlara  ýakynlaşmaga mümkinçilik berýärler.

Hudaýberdiýewa Ýazbibi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.