Honsýu adasynyň demirgazygynda ýerleşýän Ýaponiýanyň Aomori şäherine güýçli gar ýagdy.

Diňe 30-njy ýanwarda howa menziliniň töwereklerine 162 sm gar ýagdy, şäher daşyndaky daglara bolsa 434 sm gar ýagdy diýip, ýerli “Toonippo” neşiri habar berýär. Orta hasap bilen şähere tutuş möwsümiň dowamynda 567 sm gar ýagýar.

31-nji ýanwarda we 1-nji fewralda sebitdäki syrgynlar dowam edýärdi. Gar arassalaýjy ulaglaryň geçmegi bilen emele gelen ýoluň gyralaryndaky gar üýşmekleriň boýy 3-4 metre ýetdi. Şäheriň we onuň töweregindäki ýaşaýjylara şeýle “tunellerde” hereket etmegiň howplydygy barada duýduryş berilýär.