Ady belli režissýor Haýao Miýadzakiniň multiplikasýon filmlerine esaslanýan dünýädäki ilkinji dynç alyş seýilgähi, myhmanlary üçin 2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aýti prefekturasynda açylar diýip, Animasiýa studiýasy Ghibli habar berdi.
Bu bezeg-taslama eýýäm 2018-nji ýylda hödürlenipdi. Seýilgäh Nagoýanyň golaýyndaky Nagakuta şäherinde peýda bolar, ol kafelary we attraksionlary bolan bäş sany tematiki zolaga bölüner.
Meýdança Haýao Miýadzakiniň iň meşhur multfilmleri esasynda bezeler: “Goňşym Totoro”, “Hereket edýän gala”, “Şagyzy Mononoke”, “Ruhlar bilen alynyp gidilen”, “Jadygöýiň eltip bermek hyzmaty”.
Aýratyn bir zolak Ghibli studiýasyna bagyşlanar. Ol ýerde eksponatlaryn sergisi, kinoteatr we oýun meýdançalary bolar.

RU










