Belgiýanyň hökümeti, kirpi, salamandra we gurbagalar üçin uly awtoulag köprüsinde aýratyn bir ýol bölüp bermegi meýilleşdirýär diýip,”Ýewropuls” habar berýär

Lež şäheriniň golaýynda ýerleşýän Albert-kanalynyň üstündäki köprüde 2,5 metr giňlikdäki zolakda, beton plitalardan germew salynar we ýaşyl otlar bilen örtüler.

Ýodajyga suwa batan agaçlar we kiçijik şahalar goýular: egerde, goňşy goraghana syýahat gijikse, “syýahatçylar” gijäni şol ýerde geçirerler. Mundan başga-da, zolakda suw içmek üçin kiçijik köller gurlar. Haýwanlar kanalyň suwuna düşmezligi üçin ýoluň gyralaryna haýat salynar.

Möjek, tilki ýa-da sugun ýaly iri haýwanlar hem zolakdan geçip bilerler.

Emeldarlary bu çäräniň, goňşy goraghanalaryň ýaşaýjylaryna birek-birege ýygy-ýygydan baryp görmegine kömek etjekdigine ynanýarlar.