Irlandiýada haýwanlary goraýjylar birnäçe hepde bäri kenarda gezelenç edip, gaýyklarda uklap ýören morž üçin ýörite ponton gurmagy wada berýärler diýip, UPI habar berýär.

Uolly lakamly moržy, ilkinji gezek noýabr aýynda Irlandiýanyň günorta-günbataryndaky Kerri graflygynyň kenarynda gördüler. Şol günden bäri ony ençeme gezek durlgada duran gaýyklaryň we katerleriň üstünde dynç alýan pursatlaryny gördüler.Agramy takmynan 800 kilograma barabar, bu haýwan azyndan iki gämini suwa batyrdy.

Hünärmenler, Uolly ýagny «deňiz galtamanynyň» suwuň üstünde dynç almak üçin ýer hökmünde peýdalanyp biler ýaly ponton gurmagy teklip edýärler. Olar şondan soň morž gaýyklara münmegini bes eder diýip umyt edýärler.

Haýwanlary goraýjylar häzirki wagtda, konstruksiýanyň iň amatly ýerini kesgitlemek üçin Uollynyň hereket edýän ugurlaryna gözegçilik edýärler.