ABŞ-da reaktiw ranslarda howa ýaryşlaryny geçirmek isleýärler. Bu barada JetPack Aviation startapyň başlygy Dewid Meýman habar berdi.
Meýmanyň sözlerine görä, onuň kompaniýasy dürli sebäplere görä 2019-njy ýylda bes edilen Red Bull Air Race ýaryşynyň täze ady bolan Air Race World Championship bilen işleýär. Ýol kartalaryny düzmek, gatnaşyjylaryň sany barada ylalaşmak we başga-da köp çäräni geçirmek meýilleşdirilýär.
Bäsleşige “Dakar” ýörişine gatnaşan, motosikl sürmekde tejribesi bolan tejribeli sürüjiler bilen birlikde ýaňy başlaýan reaktiw ranslaryň synagçylary gatnaşar.
Eger-de taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda, geljekki ýaryşlara gatnaşyjylar göni burçly uly sütünlerden, halkalardan we gurşawlardan ybarat bolan özboluşly päsgelçilikleri ýeňip geçerler. Päsgelçilikleriň dik we keseligine, ýaryşyň bolsa suwuň üstünde geçiriljekdigi bellendi.