Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilmeli baş maksatlaryň biri — milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmekden ybaratdyr.
Az wagtyň içinde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleriniň ähli pudaklarda, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda hem uly ähmiýeti bardyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi, esasan hem, önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna, şol sanda merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlaryň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýet babatynda has öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesine seredenimizde, ol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygyny, döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde amala aşyrylýandygyny, bilim ulgamynda göni aragatnaşykda bilim bermek usulynyň işjeň ulanylýandygyny görmek bolýar. Şeýle-de, bu ýurtlar ösen IT ulgamy, has amatlaşdyrylan işewürlik hem-de innowasiýa gurşawy bilen tapawutlanýarlar. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem şeýle dünýä tejribelerine daýanylyp, sanlylaşdyrmak boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlaryna ilkinji orun degişli bolmak bilen bir hatarda, bu ulgamlarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar.
Mylkyýew Atajan
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener mehanika fakultetiniň mugallymy.