Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda yzygiderli amala aşyrylýan hem-de eziz Watanymyzyň ähli sebitlerini, ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugrudyr. Elbetde, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Ol özüniň ajaýyp desgalary bilen haýran galdyrýar. Aşgabat häzirki zamanyň uly şäherine, sebitde, we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär.

Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary bezedi. Olar täze taryhy eýýamyň hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň baş şäherini nobatdaky täze desgalar bezär.

Häzirki wagtda Aşgabat sebitde we bütin dünýäde oňyn hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurtly syýahatçylaryňdyr jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Munuň özi iri halkara ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirmek hem-de daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny şertlendirdi.

Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, durky döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan döwlet derejesinde ýakyndan goldaw berilmegi netijesinde, ýurdumyzda halkara ähmiýetli ýol ulgamyny döretmäge we mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylýandygyny bellemek gerek. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda we onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagynda ulag ulgamynyň möhüm orny bilen şertlendirilendir.

Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny beýan edýän dürli düzümleýin taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ägirt uly şähergurluşyk maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidigi nusga alarlykdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan hem-de milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, döwrebap, ýokary tehnologiýaly desgalaryň hem binalaryň ulanyşa tabşyrylmagyna gönükdirilen bu döwlet maksatnamalary biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegi baş maksat edinýär.

Kerimberdi Amanow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.