10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda dürli täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary, şeýle hem käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysynyň hem-de “Buig Türkmen” kompaniýasynyň wekiliniň hasabatlaryny diňledi.

Şu babatda milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary bilen, birnäçe gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki tanyşlygynyň dowamynda şol taslamalaryň birnäçesini gözden geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ýokary derejeli we görnüşleriniň köpdürli bolmagynyň, binalaryň içki gurluşynyň, bezeginiň, reňk öwüşgininiň şu töweregiň beýleki binalary bilen sazlaşykly utgaşmagynyň örän möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz binalaryň, desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de ylmyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyz üçin has amatly şertleri döretmegiň şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge bolmalydygyna ünsi çekdi.

Bina edilýän ähli desgalaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna doly laýyk gelmegi baş wezipe hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi adamlaryň bagtyýar durmuşy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleriň döredilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi hem-de şolary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Desgalar ulanylmaga berlende, olaryň enjamlaşdyrylyşynda täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgamlar üpjün edilmelidir. Şoňa görä-de, milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen ylmyň soňky gazananlary utgaşykly ýerine ýetirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar we ugurdaş çyzgylar bilen tanşyp, şolar durmuşa geçirilende, ýokary hilli gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ulanylmagynyň, şol serişdeleriň milli binagärlik aýratynlyklaryna laýyklykda peýdalanylmagynyň möhümdigini tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu işler ýerine ýetirilende, şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm ugur bolup durýandygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Röwşen Babaýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.