Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly belent ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň erk-isleginden ugur alnyp, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly syýasy-ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimizi aýdyň alamatlandyryp, täze öňegidişliklere, has belent sepgitlere ýol açdy. Ajaýyp zamanamyzyň ýene bir ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylan halkymyz ony täze-täze zähmet ýeňişlerine beslemek, gazanylan üstünlikleri berkitmäge mynasyp goşant goşmak üçin yhlasly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýär.

Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler mähriban Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, halkymyzyň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, ilkinji nobatda, geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň özi ýaşlar baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynda esasy orna eýedigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyza, eziz halkymyza wepaly ýaş nesliň däp-dessurlarymyza, ruhy-ahlak ýörelgelerimize hormat goýýan, milli ruhda terbiýelenen adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almaklary üçin amatly şertleri döretmek, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda berk maddy-enjamlaýyn binýady bolan çagalar baglarynyň, mekdepleriň sanynyň barha artmagy aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu bilim-terbiýeçilik ojaklarynda hormatly Prezidentimiziň: «Döwletimiziň baş aladasy ýaş nesillerimiziň eşretli, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, il-güne peýdaly, belent ahlakly adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, ýaş nesliň terbiýesine uly jogapkärçilik bilen çemeleşilýär.

Rahadow Ahmet

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk  institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby