Ýurdumyzda hepdäniň başynda bulutly we ýagyşly howa bolar. Hepdäniň dynç günlerinde howa +17 gradusa çenli maýlar.

Duşenbe we sişenbe günleri Aşgabatda ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +3 +5 gradus, gijelerine bolsa -1… -2 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň ortalaryna ýagdaý üýtgär. Çarşenbe güni howa +10 gradusa çenli maýlar, dynç günleri bolsa simap sütüni +17 gradusa çenli ýokarlanar.

Ahal welaýatynda-da bulutly we ýagyşly howa bolar. Howa gündizlerine +2…+7 gradusgijelerine –1… –2 gradus bolar. Howa sişenbe güni +10 gradusa çenli maýlap. Ýekşenbede maýyllyk +18 gradusa çenli ýetip, üýtgäp durýan bulutly howa bolar.

Balkan welaýatynda hem üýtgäp durýan bulutly howa bolar diýlip çak edilýär. Hepdäniň başynda howanyň temperaturasy gündizlerine +6…+10 gradus, gijelerine bolsa -2…+3 gradus aralygynda bolar. Dynç günleri şemally, ýöne +12…+16 gradusa çenli maýyl howa bolar. Şeýle hem, ygal ýagmak ähtimallygy bar. Kenarýaka sebitlerinde +1…+6 gradus maýyl howa bolar.

Mary welaýatynyň çäginde güneşli howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +6…+11 gradus, gijelerine -1…+4 gradus aralygynda bolar. Dynç günlerinde +18 gradusa çenli maýyl howa bolar diýlip çak edilýär.

Lebap welayatynda hepdäniň başynda bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine + 8…+ 9 gradus maýyl, gijelerine bolsa -2…-3 gradus sowuk bolar. Çarşenbe gününden başlap, sebitde güneşli howa bolar. Howa +12…+17 gradusa çenli maýlar.

Daşoguz welaýatynda bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň başynda az wagtlyk ýagyş ýagar. Howa gündizlerine –1…+4 gradus, gijelerine bolsa -3…-2 gradus bolar. Dynç günleri howanyň ortaça temperaturasy +12 gradusa çenli maýlar.