Döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty bu günki günde dünýä ýüzünde ykrar tapýar. Ýurdumyzyň dünýäniň 150-den gowrak ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýandygy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bolsa, bu düzümiň işgärleriniň orny örän ýokary hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz her ýylyň 18-nji fewralyny diplomatik işgärleriniň güni diýip yglan etmek baradaky ýörite Premana gol çekipdi. Bu baýram her ýyl özüniň aýratyn ruhubelentligi bilen bellenilýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan ýylda hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni ýokary derejede bellenildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahatyň  geçirilendigini aýratyn bellemek gerek. Oňa Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň professor mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde institutyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, abraýly halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde guran sergisi görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine iberen Gutlagyny diňlediler. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýewiň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stefen Klimowyň,  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýewiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň çykyşlary diňlenildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerine şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym talyplaryna ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde goşant goşýandyklary üçin degişli diplomlar gowşuryldy.

Maslahata  gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň düzümini aýratyn üns merkezinde saklaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýörite baýramçylyk konserti boldy. Onda talyp ýaşlaryň çykyş etmeginde dürli dillerde aýdymlaryň ençemesi ýerine ýetirildi.

Eminow Eziz

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ Halkara žurnalistikasy hünäriniñ I ýyl talyby