Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, türkmen obalarynyň keşbi günsaýyn özgerip, zähmetsöýer daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna gallanyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň, miweleriň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny öndürip, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Milli Liderimiziň: «Türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň üçin ýurdumyzda zähmet we durmuş üpjünçilik kanunçylygy berkidilýär. Döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwaty dünýä derejesinde ýokarlandyrylýar. Soňky döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde, ýokary depginler bilen ösdürmekde, topragymyzyň berekedini artdyrmakda has netijeli işler amala aşyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek üçin türkmen ýaýlalarynda müňlerçe gektar täze ýerler açylýar, obalary, şäherçeleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar» diýen parasatly jümlelerinden belli bolşy ýaly, oba hojalyk ulgamyny halkara derejede kämilleşdirmekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Oba hojalyk işgärleriniň, edermen daýhanlarymyzyň baş maksady rysgal-bereket eçilýän sahawatly türkmen topragynyň gadyryny bilip, ony aýawly saklap, ýerden bol hasyl öndürmekden, öz halal, päk zähmeti bilen üstünlik gazanyp, dünýä eşretleriniň hözirini görüp, asuda durmuşda bolelin ýaşamakdan ybaratdyr. Muňa döwlet tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär. Zerur bolan kämil oba hojalyk tehnikalary satyn alnyp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady ýylsaýyn berkidilýär. Munuň üçin bolsa türkmen daýhanlary, oba hojalygynyň ähli hünärmenleri Gahryman Arkadagymyza hemişe alkyş aýdýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Zähmet adamda peýdaly endikleriň kemala gelmegi üçin derwaýysdyr. Alyn der saçylyp çekilen zähmetiň hözirini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Zähmetsöýerlik adamyň häsiýetini hem terbiýeleýär diýilýär. Munuňam sebäbi zähmetiň adamyň öz-özüne erk etmegini terbiýeleýänligindedir. Zähmet çekmäge endik edip, munuň peýdasyna düşünen adam häsiýetine hem erk edip bilýär…» diýen dürdäne jümleler bar. Kitabyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde şular ýaly parasatly pikirler, paýhasly pähimler juda kän.

Eziz Watanymyzyň goýnunda, mukaddes topragymyzda halal zähmetiň hözirini görüp, abadan, asuda durmuşda ýaşamak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Sülgün Nepesowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara Gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.