Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köpasyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan tas üç onýyllyk bäri ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda taryhy ösüşlerini üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ylmyň gazananlaryna daýanýan giň gerimli maksatnamalarda tutumly işler has anyk kesgitlenendir. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içindäki ösüş ýolunda amala aşyrylan beýik işlerinde ylmyň gazananlary uly orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan häzirki zaman bilim ojaklary döredildi.
Ýurduň milli Lideriniň başlangyçlary bilen işlenip taýýarlanan we üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalarymyz ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine, şol sanda, senagat taýdan batly özgerişliklere düýpli badalga berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň senagatlaşdyrma syýasatynyň baş mazmuny ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden, olaryň işjeňligini has-da ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Ykdysadyýetiň serişde mümkinçiligini pugtalandyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamy öz tagallalaryny hususy bölegiň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, şahsy taraplara ipoteka karzlaryny bermäge, zerur bolan tehniki serişdeleri, abzallary we esbaplary satyn almak arkaly oba hojalyk önümlerini öndürijileriň isleglerini üpjün etmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň gündelik sarp ediş harajatlaryny kanagatlandyrmaga, daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri karzlaşdyrmaga gönükdirilýär. Serişdeleri işjeň ýerleşdirmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň bank ulgamy öz önümleriniň we hyzmatlarynyň bar bolan görnüşlerini kämilleşdirýär we täze görnüşlerini girizýär.
Taryhy taýdan uly bolmadyk döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşlerdir özgerişlere eýe bolup, döwletimiz abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklarda işjeň orun eýeläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, iri düzümli taslamalary ýokary derejede durmuşa geçirýär. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi, mundan başga-da, gurluşygy giň gerimde alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijileri — bularyň ählisi Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň ajaýyp miweleridir.
Geldiyew Begmyrat
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.