Eýfel diňinden dört esse uly bolan 138971 (2001 CB21) atly uly asteroid Ýere golaýlaşýar diýip, “Roskosmos” özüniň Telegram-kanalynda habar berdi.
Takmynan, 1,3 kilometr ululykdaky asman jisimi 4-nji martda Ýeriň orbitasyna has golaý aralykdan geçer. Hünärmenleriň bu jisimi “howply bolup biläýjegiň” klasyna degişli edendiklerine garamazdan, çaklamalar boýunça ol Ýer bilen çaknyşmaly däl, sebäbi ol dört million kilometrden gowrak aralykdan uçup geçer, bu bolsa Aýa çenli aralykdan on esse uludyr.
Fewral aýynyň başynda NASA başga bir uly asteroidiň golaýlaşýandygy barada habar beripdi. Ol 8-nji fewralda bäş million kilometr aralykdan uçup geçdi, onuň diametri 150 m barabardy. Alymlar onuň Ýer bilen çaknyşma mümkinçiligini ret etdiler.