“Ýuwentusyň” birnäçe oýunçysy Italiýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň “Torino” garşy oýnunda (1:1) şikes aldy.

Ilki oýundan öňki maşklarda “Ýuwentusyň” goragçysy Daniele Rugani şikes aldy. Başlangyç düzümde onuň deregine Luka Pellegrini çykdy. Ýöne oýnuň dowamynda Pellegriniň özi hem şikes aldy. Arakesmede onuň ornuna Mattia De Şilo geçdi. Şondan soň “Ýuwentusyň” hüjümçisi Paulo Dibalo hem zeper ýetdi. 54-nji minutda onuň deregine Ueston Makkenni çykdy.

Şikesleriň nähili derejede agyrdygy barada heniz maglumat ýok. Mundan öňem “Ýuwentusyň” oýunçylary Leonardo Bonuççi bilen Jorjo Kýellini şikes alypdy. Şol sebäpli olar bu oýny sypdyrdylar.