Brent etalon markasynyň bahasy belli bir senede iberiliş bilen bir barrel üçin 100 dollardan geçdi. 16-njy fewralda geçirilen söwdada Demirgazyk deňziniň çig malynyň bir çelek üçin hakyky bahasy 100,795 dollar boldy diýip, Izwestiýa teleýaýlymy habar berýär.
Günbatar hünärmenleri Demirgazyk deňziniň çig malynyň gymmatlamagyny oňa Ýewropanyň nebiti gaýtadan işleýjileriniň ýokary isleg bildirmegi, geosyýasy dartgynlylyk, şeýle-de OPEK+ ýurtlarynyň erkin önümçilik kuwwatynyň peselmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Bank of America-nyň analitikleri ýylyň ortalaryna çenli Brent-iň bahasynyň bir barrel üçin 120 dollara çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar.