Berhiz-lukmany Margarita Kuts gijelerine iýmek endiginden nädip aýrylmalydygyny maslahat berdi.

Onuň sözlerine görä, iýmit ýatmazdan üç sagat öň iýilmeli. Bu dolylyk duýgusyny berýär we şol bir wagtyň özünde aşgazana we bedene aşa agram düşmeýär. Agşamlyk naharynda et ýa-da balyk, şeýle hem gök önümleriň iň köp mukdary bolmaly.

Özümizi gije nahar iýmezlige mejbur etmek üçin, lukman, nahardan soň derrew dişleri ýuwmagy maslahat berdi. Ýatmazdan ozal nahar iýmegi halaýan adam, ähtimal bu amaly gaýtadan ýerine ýetirmek islemez. Mundan başga-da, hünärmeniň pikiriçe, bir zatlar bilen özüňizi gümäp bilersiňiz meselem: özüňize gyzykly dynç alyşy döredip bilersiňiz.

Abdyrahymowa Şeker

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby