Ýanwar aýynyň ahyrynda, Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän Ýunçen atly duzly köli goýy gülgüne reňke öwrüldi. Bu dünýädäki üç sany iň uly natriý sulfat görnüşli akmaýan duzly kölleriň biridir.

Belli bir möwsümlerde suwdaky minerallar we mikroorganizmler sebäpli, köl ajaýyp hem-de açyk reňke öwrülýär.

Adatça, köldäki reňkli görnüşleri ýanwar aýynyň ahyrynda – fewral aýynyň başynda synlamak bolýar, bu bolsa Hytaý halkynyň Täze ýylyna gabat gelýär, şeýle-de oňa Bahar baýramy hem diýilýär. Şonuň üçin ýerli ýaşaýjylar şeýle açyk reňkleriň geljek baharyň alamatydygyny aýdýarlar.