Arheologlar Abu Dabiniň günbataryndaky Gaga adasynda ýaşy sekiz ýarym müň ýyldan gowrak bolan binalaryň harabalyklaryny tapdylar diýip,The National News habar berýär.

Bu tapyndylar,alymlara täze açyş etmäge mümkinçilik berdi – binalar BAE-de bar bolan binalaryň içinde iň gadymy bolup çykdy. Mundan ozal Abu Dabiniň kenarynda ýerleşýän Marawa adasyndaky bina iň köne hasaplanýardy. Onuň ýaşy ýaňy-ýakynda tapylan harabalyklardan 500 ýaş kiçi.

Hünärmenler, daşdan gurlan binalarda, ähtimal bu baý ýurduň ilkinji obşinalary ýerleşendir diýip, hasaplaýarlar. Olar, boýu bir metr beýiklige çenli ýetýän,ýönekeý tegelek otaglardan ybaratdy. Arheologlar otaglarda ýüzlerçe artefaktlary şol sanda ussatlyk bilen ýasalan daş oklaryny tapdylar. Olary aw üçin ulanypdyrlar.

Hünärmenler bu şäherçäniň näçe wagtlap ýaşandygyny we takmynan bäş müň ýyl ozal näme üçin terk edilendigini entek anyklap bilenoklar.