Aýaklarynyň gerimi 30 santimetre ýetip bilýän we dünýädäki iň uly möý hasaplanýan äpet leňňeç möý, fewral aýynyň ortalarynda Britaniýanyň Hull şäherindäki ýük konteýnerinde tötänleýin tapyldy. Hažžyklary we guşlary iýýän bu aw möýleriniň watany Aziýa, Awstraliýa, Afrika, Ortaýer deňz howuzlary we Amerika hasaplanýar, hut şonuň üçin Beýik Britaniýada bu myhmany görmek gaty gen boldy.
Tapylan zäherli möýüň ýaşdygy we şonuň üçin onuň uzynlygy bary-ýogy 6 santimetr bolandygy habar berildi. Ol Hytaýdan gelýän konteýnerde bir aýa golaý wagt geçirdi.
Iýmitden we suwdan daşda birnäçe wagtlap konteýnerde bolan moý, henizem örän hereketlidi.
Adaty bolmadyk “syýahatçyny” gören ulag kompaniýasynyň işgärleri ony özbaşdak tutmakçy bolmadylar we Haýwanlary tutmak boýunça Korollyk jemgyýetiniň işgärlerini kömege çagyrdylar. Hünärmenler möýi örän çaltlyk bilen tutdylar we ýöriteleşdirilen merkeze getirdiler. Ähtimal ony ýerli haýwanat bagyna geçiriler.