Tirsekdäki deri garalyp, çal reňke öwrülip, gyzaryp, hamy soýulyp, ýarylyp biler. Bu käbir keseller bilen baglanyşyklydyr. Lukman tirsekdäki deri bilen baglanyşykly meseleler awitaminoz, psoriaz we süýji keseliniň bardygyny görkezip biler diýip, belläp geçdi.
Süýji keseli ýüze çykan halatynda şekeriň kabul edilmegini çäklendirip, endokrinolog lukmanyna ýüz tutmalydyr. Awitaminozda A we E witaminleriniň ýetmezçiliginiň öwezini dolmaly. Ýagly balyk, treska bagyry, sygyr etini köpürak içmeli.
Psoriaz keselinde bolsa tirseklerde tegmiller, gaty gijilewükli kesmekler peýda bolar. Olar birleşip bilerler we gyzarma bolup biler.
Şeýle hem hünärmen tirsekdäki deriniň örän ýukadygyny, köplenç ýagdaýlarda gury we duýgur bolýandygyny hem belläp geçdi.