Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäherinden we Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.

Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow dalaşgär hökmünde hödürlenildi. Olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäresi tamamlanandan soň, iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary geçirilýär. Şol duşuşyklar düýn başlady. Ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek üçin deň mümkinçilikler kepillendirilýär.