Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy D.Atamedow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiri Ç.Sylapowa söz berdi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony syýasy taýdan sowatly, zähmetsöýer we göwnaçyk, mugallymçylyk işinde hem-de ýaş nesilleri terbiýelemekde, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, ylmy-barlag işlerine höweslendirmekde ýeterlik tejribe toplan adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Bu maksatnama täze eýýamda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmelerini dowam etdirmäge gönükdirilendir. Olar halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyryp, ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginini üpjün etdi hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hil taýdan täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi.