Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşyga kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançylar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzda başy başlanan we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.