Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ruhubelent etrap geňeşiniň başlygy Ý.Atabaýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň ýokary hünär derejesini we şahsy häsiýetlerini, guramaçylyk ukyplaryny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär ýygnananlara şu günki duşuşyga işjeň gatnaşandyklary üçin hoşallygyny beýan edip, olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bu maksatnama Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwlet hökmündäki derejesini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we söwdany, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.