Dubaýda täze taslama – Hytaýyň giper sesli suborbital kosmoplany Space Transportation hödürlendi. Bu kosmoplan Dubaýdan Pekine çenli aralygy bortunda ýolagçylar bilen bir sagatda geçip bilýär.
Onuň ilkinji ýerüsti synaglarynyň 2023-nji ýylda bolmagyna garaşylýar. Hytaýyň bu başlangyjy Silk Road Golden Bridge we Tianqi Venture Capital maýa goýum gaznalaryndan eýýäm 62 mln ABŞ dollary möçberinde maliýeleşdirmäni özüne çekdi.
Bu önüm gündogar ýarym şardan günbatar ýarym şaryna çenli iki sagatdan az wagtyň içinde uçup bilýän ýokary tizlikli uçardyr. Kosmoplan dikligine uçup, tizligini sagatda 10 müň kilometre çenli artdyryp bilýär.
Kompaniýa 2024-nji ýylda ekipažsyz, 2025-nji ýylda bolsa ekipažly uçuş synaglaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Ilkinji täjirçilik uçuşynyň 2030-njy ýyla çenli bolmagyna garaşylýar.
2021-nji ýylda BAE-niň Ykdysadyýet ministrligi we Blue Origin amerikan kompaniýasy kosmodromyň gurluşygy bilen bir hatarda Emirliklerde kosmos syýahatçylyk bazaryny ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek barada ylalaşdylar.
Geljekde kompaniýa bazara dört orunlyk uçýan awtomobili çykarmagy meýilleşdirýär. Ol sagatda 217 km tizlik bilen uçar, uçuşyň beýikligi bolsa 900 metre ýeter. Bir akkumulýator zarýadynda uçuş wagty 90 minuta çenli bolar diýlip çak edilýär.
Ulag-uçaryny 2028-nji ýyla çenli satuwa çykarmak meýilleşdirilýär, ol hususy awtomobil ýa-da taksi hökmünde ulanylyp bilner.