ABŞ-ly astrofotograf Endrýu Makkarti söýgüliler gününde reňkli “galaktika bägülini” görkezdi. Sosial ulgamlarda ýerleşdiren täze suratda, Orionyň golaýyndaky Ýedinorog ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän äpet Rozetka emissiýa dumanlylygy ýerleşdirilipdir.

Fotosuratçynyň sözlerine görä, ol “galaktika bägülini” has köp reňk üýtgeşmelerini görkezmäge mümkinçilik berýän ýörite süzgüçlerden peýdalanyp, surata düşürdi we şonuň üçin Rozetka dumanlylygy gülgüne-gyrmyzy reňkde görünýär, ýöne aslynda ol hakyky gül ýaly açyk gyzyl reňkde bolýar.