StatCounter analitikleri, ýörgünli Microsoft Edge brauzeri Safari-den öňe geçip, dünýäde ikinji orunda durýan desktop brauzerine öwrüljekdigini anykladylar.
Analitikleriň maglumatlaryna görä, Microsoft Edge häzirki wagtda dünýädäki stolyň üstünde goýulýan kompýuterleriň 9.54% -de ulanylýar. Bu, Apple kompaniýasynyň Safari brauzerinden bary-ýogy 0,3% az (9,84%). Google Chrome bazaryň agdyklyk edýän 65.38% bilen birinji orny eýelemegini dowam etdirýär. Mozilla Firefox 9,18,% bilen dördünji orunda barýar.
Analitikleriň pikiriçe, bu tendensiýa dowam etse, Safari ýakyn wagtda üçünji ýa-da dördünji orna düşer. Ykjam platformalar barada aýdylanda bolsa, Safari -niň ýagdaýy has ygtybarly – bazar paýy 26,71% bilen ikinji ýeri eýeleýär.
Artyklyýewa Oguljahan,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.