Hytaýda ýerleşýän Sihaý köli, geň buz şarlary bilen örtüldi, ýerli ilat olary çorbada goýlan tüwi toplaryna meňzetdi.
Süýji çorbada tan ýuan diýilip atlandyrylýan toplar – şu ýylyň sişenbe gününe gabat gelen Hytaý fonarlarynyň festiwalynda taýýarlanýan adaty tagam. Howa senäni çaklaýan ýaly, Sihaý kölüniň suwly-batgalykdan peýdalanylýan ýerleriň milli seýilgähine gelýänleriň hemmesine tan ýuanyň ullakan “tabagyny” hödürledi.
Buz şarlary belli bir howa şertlerinde, buzuň bölekleri kenar ýakalarda ýygnananda emele gelýär, soňra bolsa tolkunlaryň kömegi bilen”çykmaýar””. Ýaňy-ýakynda şuňa meňzeş hadysa Tallin aýlagynda ýüze çykdy.
Täç BABAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.