SWISS, Lufthansa Technik we örtük öndürijisi BASF bilen bilelikde işlenip düzülen täze AeroSHARK uçarlar üçin örtük tehnologiýasyny ulanan dünýäde ilkinji ýolagçy awiakompaniýasy boldy. Bu tehnologiýa, uçuş wagtynda kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny we ýangyjyň sarp edilişini hasam azaldar.
AeroSHARK örtügi – bu, uzynlygy bary-ýogy 50 mikrometr bolan millionlarça kiçijik çykgytly, täze biomimetikli gatlak bolup, ol ýokary gidrodinamiki akula derisine meňzeýär we şeýlelik bilen nirede ulanylsada, uçaryň aerodinamiki garşylygyny azalýar.
950 inedördül meýdany bolan AeroSHARK örtügini Boeing 777 uçarynyň fýuzelýažyň we motor hereketlendirijileriniň üstüne çalynanda, takmynan 1,1% ýangyç tygşytlamak mümkin. Bu, SWISS kompaniýasynyň ýyllyk ýangyç sarp edişini 4800 tonnadan gowrak we Boeing 777 flotunyň ýyllyk kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny bolsa 15200 tonna azaldar.