26-njy fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de wajyp ugurlarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dokma senagaty pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatda pikir alyşdylar. Iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. S.Berdimuhamedow iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, hususan-da, söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin üstaşyr, ulag geçelgeleriniň we howa gatnawlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhümdigini nygtady.
Türkiýäniň söwda ministri tejribeleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň wajypdygyny belledi.