26-njy fewralda günüň ikinji ýarymynda Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen Babamyrat Meredowyň hem saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Dalaşgäriň ynanylan wekili O.Kazakow ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, dalaşgäri abraýly hem-de jogapkär ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirmek bilen, onuň ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmekdäki hyzmatlaryny, belent adamkärçiligini belledi.
B.Meredow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyryp, ýurdumyzda asudalygy, durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmegi ileri tutulýan esasy ugur hökmünde görkezdi hem-de Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, döwletimiziň parahatçylyk döredijilik syýasatyny ýöretjekdigini, onuň halkara abraýynyň pugtalandyryljakdygyny nygtady.
Dalaşgäriň maksatnamasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge uly orun berilýär.