26-njy fewralda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Agrar partiýadan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili T.Bäşimow dalaşgäriň zähmet ýoly barada aýdyp, onuň adamkärçilik, işewür hem-de hünär häsiýetleri, jemgyýetçilik guramalaryndaky, ýerli ýerine ýetiriji edaralardaky iş tejribesi barada durup geçdi.

A.Bekmyradow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan edip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigini nygtady.

Agrar partiýadan dalaşgärlige hödürlenen A.Bekmyradow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, gurluşyk senagatyny, şonuň ýaly-da bilimi, saglygy goraýşy, sporty ösdürmegiň geljegine degişli maksatlary barada giňişleýin gürrüň berdi.