2-nji martda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar syýasy partiýalar hem-de raýatlaryňteklipçi toparlary tarapyndan görkezilen resminamalara seredip, TürkmenistanyňPrezidenti wezipesine dokuz dalaşgäri bellige aldy. Olar:

Serdar Berdimuhamedow — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;

Agajan Bekmyradow — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary;

Perhat Begenjow — Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory;

Berdimämmet Gurbanow — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty;

Maksatmyrat Öwezgeldiýew — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy;

Kakageldi Saryýew — Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory;

Babamyrat Meredow — “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy;

Hydyr Nunnaýew — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty;

Maksat Ödeşow — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenildi, hödürlemek hem-de bellige almak işi bolsa, milli kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek bilen, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirildi.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, möhletinden öň ses bermek, ilkinji nobatda, käbir sebäplere görä, 12-nji martda öz saýlaw uçastogyna gelip bilmejek raýatlar üçin guralýar. Sagat 8-den 18-e çenli ses bermek bolar.

Umuman, saýlaw möwsüminiňbarşy barada aýtmak bilen, uçastok saýlaw toparlarynyňgyzgalaňly işini bellemek gerek. Bu toparlara zähmetkeşler toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda berlen maglumata görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 2577-si döredildi: şol sanda Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272,  Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 549, Aşgabat şäherinde  310 saýlaw uçastoklary döredildi.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

 

Atajan Azizow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby