Hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýüreklerimizi joşdurdy. Milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy sütünleri bolan agzybirlik, abadançylyk we parahatçylyk ýaly mukaddes düşünjeler şöhratly pederlerimiziň ynsanperwer garaýyşlaryndan we milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Muňa täze kitaby okap has hem aýdyň göz ýetirýäris.Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik çykyşlarynyň toplumy bolan bu ajaýyp esere ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyny açyp görkezýän, onuň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini beýan edýän syýasy-publisistik eser hökmünde baha bermek bolýar. Milli Liderimiziň abadançylyk syýasatynyň döwletara gatnaşyklarda medeniýet, ykdysadyýet, saglygy goraýyş we ulag-logistika babatdaky hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolup, dünýäde uly gyzyklanma döredýändigi bagtyýar raýatlarymyzy has hem buýsandyrýar. Ýurdumyzyň hoşniýetli hyzmatdaşlyk babatda gazanýan üstünlikleri, şeýle hem mähriban Arkadagymyzyň ählumumy gymmatlyklara laýyk gelýän parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, adalatlylygy we raýdaşlygy ündeýän ençeme pikirleri, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlary bu gadyr-gymmaty zyýada kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Bu kitap hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň syýasy giňişliginde eýeleýän orny, onuň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň derwaýyslygy jähtlerine baha bermäge, seljermäge mümkinçilik döredýär.

Bagtyýarlyga beslenýän günleriň goýnunda erkana ýaşaýan halkymyza şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Döwrümize, döwletimize sowgat berýän gymmatly gollanma kitaplarynyň dowamy kän bolsun!

Atabaýew Abdyresit

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.