Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Balkanabat şäheriniň Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we birleşmesiniň işjeň agzasy H.Hojaýew ýygnananlary Watanymyza we halkymyza wepaly, dogruçyl, jogapkärçilikli adam hökmünde tanalýan B.Meredowyň zähmet ýoly, şahsy hem-de işewürlik häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ol saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň ähli pudaklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem bazar gatnaşyklary şertlerinde ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamak bu maksatnamanyň esasy ugurlarydyr.

Hususy pudagy ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçilerine maliýeleşdirmekde hemmetaraplaýyn goldaw berler, ýeňillikli karzlary almak, salgytlary azaltmak, täze senagat we jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygynda dünýäde öňdebaryjy tehnologiýalarydyr enjamlary ulanmak üçin şertler dörediler. Şunuň bilen bir hatarda, möhüm durmuş ulgamlarynyň — bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berler.

Nurýagdy Babaýew

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby