Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Demokratik partiýanyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

dalaşgäriň ynanylan wekili — Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň başlygy A.Amangeldiýew saýlawçylary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony ýokary ahlak häsiýetli hem-de uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan partiýa işgäri hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär jogapkärli wezipä dalaşgärlige hödürländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de adamlar baradaky aladanyň, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmagyň mundan beýläk-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galjakdygyny nygtady. Çykyşda türkmen halkynyň häzirki hem-de geljekki nesilleriniň bähbidine ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berjek birnäçe wezipeler beýan edildi.

M.Ödeşow saýlawçylaryň obalary özgertmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, sebitlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek baradaky sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir ugurlaryny has aýdyň beýan etdi.