MatePad Paper bellikleriň ýazgysynyň we kitap okamak üçin niýetlenendir. Ol 10.3 dýuýmlyk E Ink ekrany bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle-de bolsa, bu diňe bir okyjy däl, eýsem doly laýyk planşetdyr. Bu ýerde adaty LCD we AMOLED displeýlerden tapawutlylykda onuň artykmaçlyklary, ol göni gün şöhlesinde hem aýdyň görünýär – şeýle şertlerde E Ink displeýi okamak üçin kagyz ýaly örän gowudyr.
Huawei planşet üçin wideo gaýtalamak, web sahypalary gözden geçirmek we interfeýs boýunça E Ink displeýlerinden tapawutlylykda has çalt gezmäge mümkinçilik berýän režim döretdi.
MatePad Paper ikinji nesil M-Pensil stilusyny goldaýar. Planşet HarmonyOS 2.0 ýörite wersiýasynyň dolanyşygynda işleýär, 4 Gb operatiw ýady we 64 Gb içerki ýady bar, Wi-Fi 6+ goldawy we güýç düwmesine gurlan barmak yzy skaneri bar.

RU












