Alymlar Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda soňky 100 müň ýylyň dowamynda emele gelen Ýerdäki iň uly täsirli krateri tapdylar.
NASA-nyň beýanynda, Ilan krateriniň keseligine ölçegi takmynan 1,85 kilometre barabar bolup, ähtimal ol 46 müňden 53 müň ýyl aralygynda mundan öň emele gelendigi aýdylýar. Alymlar kraterde, meteoritiň täsiriniň aç-açan yzlaryny tapdylar. Şeýlelik bilen, granitiň çaltlyk bilen gyzýanlygy we soňra sowaýanlygy sebäpli, gaýa bölekleri krateriň täsir wagtynda eremek alamatlary bolýar.
Şeýle hem, damja görnüşli we gaz köpürjikleriniň döreden kiçijik delikli aýna böleklerini tapdylar. Bu aýratynlyklaryň ikisi-de ol ýerde ýokary güýçli täsirleşmäniň bolandygyny görkezýär. Ýokardan seredeniňde,bu geologiki gurluşyň ýarym aýa meňzeýändigi bellendi.
Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Agamyradow Nazar