1-nji martda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry başlandy. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýolbaşçylyk etdiler. Şeýle-de duşuşyga iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.
Çykyşlaryň hem-de ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda ikinji nobatda ikitaraplaýyn özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna seredildi. Taraplar, şonuň ýaly-da, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegi, global wehimlere – terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly derwaýys meseleler babatdaky çemeleşmeleriniň umumylygyny tassykladylar. Geňeşmeleriň çäklerinde adam ölçegleriniň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, adam hukuklarynyň goragy we kepillendirilmegi ulgamynda Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere syn berildi.

RU












