Türkmenistanda raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýän kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdiriler. Bu barada 1-nji martda Milli Geňeşiň agzalary bilen duşuşykda eden çykyşynda türkmen Lideri aýratyn nygtady.

«Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup durýar. Bu ulgam, ilkinji nobatda, ähli raýatlaryň durmuş taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şeýle-de ol ýaş we köp çagaly maşgalalara, ene-atasyny ýitiren çagalara, weteranlara we döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara goldaw bermek üçin ýeňillikleri göz öňünde tutmaga hem-de döwletiň we jemgyýetçilik serişdeleriniň hasabyna goşmaça goldaw bermäge niýetlenendir.

Şoňa görä-de, adamlaryň bu toparlaryna ýeňillikler we goldaw bermek göz öňünde tutulýan, hereket edýän kadalarydyr kanunçylyk namalaryny seljermek hem-de yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.