Parlamentiň palatalarynyň agzalary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kadalaryny we düzgünlerini täze zamanyň ruhuna we talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek meseleleri barada hem durup geçdi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini, konstitusion kanunçylygyň kadalaryny we düzgünlerini ýene-de bir gezek jikme-jik öwrenmek aýratyn möhümdir. Şu meselede döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, hukuklaryna, borçlaryna we ygtyýarlyklaryna gaýtadan seretmek şol teklipleri taýýarlamakda esasy soraglar bolmalydyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça 2022 — 2027-nji ýyllar üçin Konsepsiýany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.