Ýetginjekler üçin “Eýforiýa” serialy HBO-da iň köp tomaşa edilýän ikinji tomaşa boldy diýip,Variety habar berýär.
Neşiriň habaryna görä, Zendaýanyň baş rolda oýnaýan bu köp bölümli dramasynyň öňünde “Tagtlar oýny” serialy durýar.
Drama, bu netijäni şu ýekşenbe güni ýaýlymda görkezilen ikinji möwsümiň soňky bölümi netijesinde gazandy. Ol 6,6 million tomaşaçyny özüne çekdi.
HBO-nyň habaryna görä, ikinji möwsümiň bölümlerini ortaça 16,3 million tomaşaçy seredýär. Bu, soňky 18 ýylyň içinde islendik HBO seriýaly üçin iň gowy görkeziji bolup durýar. 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda çykan “Tagt oýunlaryndan” başga.
“Eýforiýa”yzly-yzyna ýedinji hepde ABŞ-daky HBO Max platformada iň gowy seriýaldyr, şeýle hem Latyn Amerikadawe Ýewropada “Hepdäniň seriýaly” diýlip saýlandy.