Nýu-Jersi ştatynda ýaşaýan är-aýal Maýkl we Mariýa Spressler restoranda günortanlyk edindiler, ustrisanyň içinde birnäçe müň dollarlyk merjen tapdylar.

Maýkl, göwheri hut nahar iýip duran wagtynda tapdy. Ol nahary iýip gutardym diýen ýalydy, birden agzynda gaty bir zat duýdy.  Ol dişi döwülendir öýdüp gorkdy, ýöne habar has ýakymly boldy.  Maýkl dokuz millimetr ululykda bir merjeniň üstünden bardy.

Bu şowly adamyň aýaly Mariýa,  biz 34 ýyl bäri bu restorana gelýäris we şuňa meňzeş waka hiç wagt duçar bolmadyklaryny gürrüň berdi.  Mundan başga-da, onuň ýan ýoldaşy her gezek ustrisany köp mukdarda sargyt edýär, ýöne şunuň ýaly şowlulyk ilkinji gezek bolup geçýär.

Maşgala öz tapyndylaryna birnäçe müň dollarlyk baha berdiler, ýöne onuň özüne çekiji bahasyna garamazdan ony satmak niýetleri ýok, olar ony özlerinde saklamak isleýärler.