Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambulda howa şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli 11-nji martda meýilleşdirilen 200-den gowrak gatnawy, şol sanda 71 halkara gatnawy ýatyrdy. Bu barada Türkiýäniň awiagatnadyjysynyň beýannamasynda aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.

“11-nji martda Stambulyň howa menzilinde 179 gatnaw ýatyryldy, Sabiha Gýokçen adyndaky howa menzilinde bolsa 34 içerki gatnaw ýatyryldy” – diýlip, beýannamada bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde, awiakompaniýa 10-njy martda 205 gatnawyň ýatyrylýandygyny habar berdi, olardan 71-si halkara gatnawydyr.

Türkiýäniň KHBS-iniň belleýşi ýaly, ýakyn günlerde Türkiýäniň iň uly megapolisinde howa şertleriniň gar ýagmasyna çenli güýçli ýaramazlaşmagyna garaşylýar.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Stambulda garyň güýçli ýagmagy onuň iki howa menziliniň işine zeper ýetirdi. Birnäçe günläp uçarlar uçup we gonup bilmediler. Birnäçe günden soň, jemgyýetçilik işgärlerine uçuş-gonuş zolaklaryny arassalamak başartdy, şondan soň howa duralgalary işini gaýtadan dikeltdi.