Doktor Niş Manekiň aýtmagyna görä, beýnimizdäki geçiriji ýollaryň ýarysyndan gowragy gözüň hereketi we ggörej bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin beýni sarsgyny wagtynda köplenç görej bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykýar. Köplenç ýagdaýda bu görüş nerwisiniň zeperlenmegi bilen baglanyşykly: gönüden- göni ýa-da gytaklaýyn.
Hatda ýeňil sarsgyn wagtynda hem adamyň göreji üýtgäp biler. Ol bulaşyk görüp biler, ýagtylyga duýgur bolar, bir zatlara ünsi jemlemek kyn düşer. Egerde sarsma agyr bolan ýagdaýynda, onda gözüň goşa görmegine we körlige sebäp bolup biler.
Güljemel PÄLWANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 214-nji toparyň talyby