Bazarda köp sanly birmeňzeş görnüşli fitnes-yzarlaýjylary bar we şol sebäpden kompaniýalara ulanyjylaryň ünsüni çekmegiň ugrunda göreşmek gerek. Täze patente görä, Xiaomi şular ýaly enjamlar üçin çeýe displeýlere ýykgyn edýär. Olar yzarlaýjylaryň ekranynyň ýeriniň has uly bolmagyna mümkinçilik berer

Xiaomi, ýakynda çeýe displeý-rulonly fitnes-bilezigini suratlandyrýan patenti üçin tassyknama aldy. Ol şeýle görünýär (“A” harpy çeýe displeýiň oturdyljak bölümini görkezýär):

Xiaomi kompaniýasynyň geýilýän enjamlar üçin çeýe displeýi synagdan geçirýän ilkinji öndüriji bolmadygyny belläp geçmelidiris. Eýýäm 2020-nji ýylda Nubia kompaniýasy örän çeýe Nubia Watch sagadyny öndürdi.

Güljeren SETDAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 210-njy toparyň talyby