Häzirlikçe alymlar adamlarda näme üçin Alsgeýmer keseliniň we demensiýanyň beýleki görnüşleriniň döreýändigine we onuň öňüni almak üçin näme edilip bilinjekdigine doly bilmeýärler.  Iň soňky gözlegleriň netijesine görä Amazonyň tropiki  tokaýlarynda ýaşaýan ýerli ilatyň arasynda käbir maglumatlary tapyp boljakdygy belli boldy.

Iki ýerli taýpanyň dünýä boýunça huşsuzlyk tarapyndan iň pes derejä eýe bolandygy ýüze çykdy.  Gözlegçiler, Amazondaky ýaşaýan adamlaryň iki toparyny öwrendiler: simane we moseten halklary.  Şol ýerde ýaşaýan garrylaryň arasyndaky demansiýa derejesiniň bary-ýogy 1% töweregi bolandygy anyklandy.  Deňeşdirmek üçin: ABŞ-da bu görkeziji 65 we ondan uly ýaşly ýaşaýjylaryň arasynda 11% -e ýetýär.

Alymlar, industrial däl we tebigy durmuşda ýaşaýan simane we moseten halkynyň uly ýaşly adamlaryny huşsuzlykdan goraýan bir zadyň bardygyny bellediler.

Ahal REJEBOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 207-nji toparyň talyby