Hytaýda COVID-19 ýokanjy bilen keselleýänleriň sanynyň artýandygy üçin, islegiň peselmegi gorkusy bilen bagly, sişenbe güni geçen söwdalaşyklarda nebitiň bahasy birden peselmäge başlady.

Treýderler konfliktiň biraz ýumşaşmagyna umyt baglap, rus-ukrain gepleşiklerine gözgeçilik etmegi dowam edýärler, şeýle-de eýranyň nebitiniň dünýä bazaryna dolanyp gelmeginiň geljegine baha berýärler.

Moskwa wagty bilen sagat 18:55-de  ICE Futures London biržasynda Brent kysymy üçin maý fýuçersleriniň bahasy barreline 99,07$ boldy, bu duşenbe güni bazar ýapylandaky bahalardan 7,83$ (7,32%) arzandyr.

Şol wagt Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (NYMEX) söwdalaşyklaryň gidişinde WTI üçin aprel fýuçersleri barreline 8,15$ (7,91%) arzanlady.

«Hytaýda pandemiýa we karantin çäklendirmeleri ýurduň ykdysadyýetiniň geljegine, degişlilikde nebite bolan islege ýaramaz täsirini ýetirýär» diýip, Bloomberg agentligi ekspertiň sözlerini getirýär.

Soňky hepdäniň dowamynda bazarda aňrybaş ýokary baha üýtgemeleriniň fonunda nebitiň bahasy 20 göterimden gowrak arzanlady.